Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler köp eýranlyny internetden kesýär - Gözegçilik guramasy


Häkimiýetler köp eýranlyny internetden kesýär diýip, NetBlocks guramasy 19-njy iýunda sosial ulgamda paýlaşan habarynda aýtdy.
Häkimiýetler köp eýranlyny internetden kesýär diýip, NetBlocks guramasy 19-njy iýunda sosial ulgamda paýlaşan habarynda aýtdy.

Ysraýylyň edýän howa hüjümleriniň arasynda ýurt içindäki adamlaryň köpüsiniň maglumat almaga çalyşýan wagtynda, döwlet häkimiýetleri tarapyndan döredilen bökdençlikler sebäpli, Eýranyň köp bölegi ýarym günden gowrak wagtlap internet elýeterliliginden kesildi.

"Metrikler, maglumatlar Eýranyň indi 12 sagatdan gowrak wagt bäri oflaýn ýagdaýda galýandygyny görkezýär, häkimiýetler Ysraýylyň bu ulgamy harby maksatlar üçin hyýanatçylykly peýdalanandygyny öňe sürüp, interneti tutuş ýurt boýunça bagladylar” diýip, Londonda ýerleşýän, kiber howpsuzlygyna gözegçilik edýän NetBlocks guramasy 19-njy iýunda sosial ulgamda paýlaşan habarynda aýtdy.

“Bu çäre ýaşaýjylaryň özleri üçin aýgytly bir döwürde maglumat almagyna päsgelçilik döredýär. "

Ysraýyl 13-nji iýunda Tähranyň ýadro programmasyny togtatmagyň zerurdygyny aýdyp, Eýranyň çar künjeginde ýerleşýän harby we ýadro nyşanalaryna garşy howa hüjümlerini amala aşyrdy.

Howa zarbalary müňlerçe eýranlyny basymrak uly şäherlerden çykmak synanyşygyna ýüz urmaga iterdi, sebäbi köp adam bu konfliktiň soňlanmagyna öýde oturyp garaşmagyň gaty uly töwekgelçilik boljakdygy baradaky netijä geldi.

Köp adam zarbalaryň nirelere urlandygyna gözegçilik etmek, maşgalany barlamak we gaçyp gutulmaga iň amatly ýollary tapmak meselesinde esasan internete bil baglaýar.

Ýurt içindäki eýranlylaryň birnäçesi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, internet elýeterliliginiň ýa kesilendigini, ýa-da durnukly däldigini, bu ýagdaýyň aragatnaşyk saklamagy kynlaşdyrýandygyny tassyk eti.

Eýran häkimiýetleri iň bir gowy döwürlerde-de internet elýeterliligine gaty berk gözegçilik edýärler, Instagram, Facebook, X (öňki Twitter), YouTube, Telegram we WhatsApp ýaly meşhur sosial media sahypalaryna girmek köplenç çäklendirilýär ýa-da olary doly petikläp goýýarlar.

Şeýle-de, Eýran internet senzurasyndan aýlanyp geçmek üçin döredilen wirtual hususy tilsimleriň, VPN-ler ýaly gurallaryň ulanylmagyny gadagan etdi.

"Freedom House", “Azatlyk öýi” guramasy 2024-nji ýylda Internet azatlygy boýunça çap eden hasabatynda Eýran häkimiýetleriniň "global internet elýeterliligini has kynlaşdyrjak we gymmat düşürjek, ulanyjylary internetiň içerki görnüşine, mazmuna we ulanyjylaryň özlerine has netijeli gözegçilik biljek ýerlerine ugrukdyrmak üçin çäre görendigini" aýtdy.

Eýrandaky senzura we internetiň ulanylmagyna girizilen çäklendirmeler 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Mahsa Amininiň ölüminden soň bolup geçen uly protest çykyşlaryndan soň güýçlendirildi.

Amini hijap, baş örtügi düzgünini bozmakda aýyplanyp saklandy we polisiýa gözegçiliginde öldi. Onuň ölümi “Aýallar, Durmuş, Erkinlik” hereketiniň döremegine we hökümetiň aýal-gyzlar we olaryň gündelik durmuşy babatynda ulanýan çäklendirmelerine garşy milli tolgunyşyklara sebäp boldy.

Ysraýyl we onuň Günbatar ýaranlarynyň köpüsi, şol sanda Birleşen Ştatlar Eýrany ýadro ýaragyny edinjek bolmakda aýyplaýar. Öz ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly, medeni maksatlardan ugur alýandygyny aýtmak bilen, Tähran bu aýyplamalary düýbünden ret edýär.


Forum

XS
SM
MD
LG