Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Ysraýyla atan raketalary keselhana zeper ýetirdi; Tramp konflikte goşulmak ähtimallygyny göz öňünde tutýar


“Soroka” keselhanasy
“Soroka” keselhanasy

Eýranyň Ysraýyla garşy atan raketasy ýurduň dürli künjeklerine, şol sanda hassahana-da zyýan ýetirdi. Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Waşingtonyň heniz bu konflikte goşulmagy meýilleşdirmeýändigini, ýöne Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin zerur bolanda harby çäreleriň ulanylmagy mümkin diýip çykyş edeninden birnäçe sagat soň boldy.

Ysraýylyň harby ýolbaşçylary 19-njy iýunyň ir sagatlarynda ýurduň birnäçe ýaşaýyş zolagynyň, şol sanda Beer-Şewa şäherindäki keselhananyň hem Eýran tarapyndan raketalar bilen nyşana alnandygyny habar berdiler. Ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, şäheriň esasy keselhanasynyň bir bölegine ep-esli zyýan ýetipdir, ýöne ýitgiler az bolupdyr.

Eýranyň “Tasnim” habar agentliginiň maglumatyna görä, ýurduň yslam rewolýusiýa sakçylary korpusy Beer-Şewadaky “Soroka” keselhanasynyň golaýyndaky Ysraýylyň harby we aňtaw merkezlerini nyşana alandygyny öňe sürýär. "Soroka" keselhanasy Ysraýylyň günortasynda ýerleşýän ýeke-täk ýokary derejeli trawmatologiýa merkezidir.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bu zarbalara berk nägileligini bildirip, Eýranyň eden hereketleri üçin “doly jogapkärçilige çekiljekdigini” aýtdy.

Netanýahu sosial ulgamlarda ýerleşdiren ýazgysynda: “Şu gün irden [Eýran] Beer-Şewadaky 'Soroka' keselhanasyna we Ysraýylyň merkezindäki raýat sebitlerine raketa zarbalaryny amala aşyrdy. Biz munuň üçin Tährandan doly jogap sorarys” diýip nygtady.

Ýurduň goranmak ministri Ysraýel Kats bolsa, ýurduň goşunyna “Ysraýyla abanýan howplary ýok etmek we aýatollalaryň režimini gowşatmak maksady bilen, Eýranyň strategiki nyşanalaryna we Tährandaky hökümet desgalaryna garşy hüjümleri güýçlendirmek barada” buýruk berlendigini aýtdy.

Ýerdäki ýagdaýlaryň ýitileşmegi ABŞ-nyň bu konflikte göni gatnaşmagy baradaky çaklamalary has-da güýçlendirdi. Ysraýylyň we onuň köne garşydaşy Eýranyň arasynda dowam edýän häzirki konflikt taraplaryň taryhyndaky iň çynlakaý çaknyşyk hasaplanýar.

“The Wall Street Journal” gazeti üç sany çeşmä salgylanyp, prezident Trampyň geňeşçilerine Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümlerine goşulmak üçin ABŞ güýçleriniň meýilnamasyny tassyklandygyny, emma onuň häzirki wagtda Eýranyň ýadro programmasyndan ýüz öwürmegi mümkinçiligini gözleýändigini ýazdy.

“Bloomberg” agentligi hem ABŞ resmilerine salgylanyp, Waşingtonyň ýakyn günlerde, hatda dynç alyş günlerinde-de Eýrana garşy hüjüm etmek üçin taýýarlyk görýändigini habar berdi.

Tramp Ak Tamda žurnalistleriň soraglaryna jogap berende, bu maglumatlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi. Ol: “Men söweşe goşulmak islemeýärin, ýöne Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagy bilen söweşiň arasynda saýlamaly ýagdaý ýüze çyksa, zerur bolan zatlar amala aşyrylar” diýdi.

“Söweşip bilersiňiz” diýip ol sözüne goşdy.

Ak Tamyň öňünde Tramp žurnalistlere beren başga bir jogabynda: “Men muny edip bilerin. Belki-de etmerin. Meniň näme etjekdigimi hiç kim bilmeýär” diýip belledi.

Bu aralykda, “The New York Times” gazeti Eýranyň ýokary derejeli resmisine salgylanyp, Tähranyň ABŞ bilen ok atyşyklary bes etmek barada gepleşik geçirmäge taýýardygyny we şeýle gepleşiklere daşary işler ministri Abbas Arakçiniň gatnaşjakdygyny habar berdi.

Ýagdaýyň has-da ýitileşmegi sebäpli Waşingtonyň Ýewropadaky hyzmatdaşlary hem diplomatiki çözgüt tapmak ugrunda tagallalaryny güýçlendirdiler.

Ysraýyl häzirki hüjümlerine 13-nji iýunda başlady we muny Eýranyň ýadro programmasynyň öňüni almak üçin zerur çäre hökmünde häsiýetlendirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG