Ukrainanyň Buça şäherindäki Ýablunska köçesi 2022-nji ýylyň martynda üç günläp Russiýanyň Ukrainany giň gerimli basyp almagynyň wagşylygynyň sinonimine öwrüldi.
Wakadan üç ýyldan gowrak wagt geçensoň, Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy tarapyndan geçirilen täze derňew rus güýçleriniň parahat ilaty yzygiderli we bilkastlaýyn öldürendigini görkezýär.
Azatlyk Radiosy gözegçilik wideolarynyň, pilotsyz uçarlaryň we harbylaryň ýazgylaryny ulanyp, Ýablunska köçesindäki iň ganly günleriň bütinleý suratyny emele getirdi we muňa jogapkär işgärleriň käbirleriniň şahsyýetini anyklady.
“Adamlary bilkastlaýyn öldürendikleri baradaky pikiriň özüne düşüner ýaly däl” diýip, Buçanyň ýaşaýjysy Lýudmila Kizilowa aýtdy.
Ýerzeminde gizlenmek
Rus goşunlary şäheri basyp alyp başlanda, Lýudmila 69 ýaşly adamsy Waleriý Kizilow bilen Ýablunska köçesiniň golaýyndaky öýüniň ýerzemininde gizlenipdi.
“Köp atyşyk boldy. Tutuş günüň dowamynda, hemişe atyşyk boldy” diýip, Kizilowa aýtdy.
Är-aýal söweşiň gowşandygyny pikir edenlerinde, Kizilow jaýynyň zaýalanandygyny ýa-da ýokdugyny görmek üçin ýerzeminden çykdy. Azatlyk Radiosy tarapyndan ele salnan pilotsyz uçar suratlarynda, soňra onuň öz howlusynda ok ýaralaryndan ölendigini görse bolýar.
Kizilowyň jesediniň golaýynda rus esgerleriniň bir topary durdy. Soňra olaryň şahsyýetleri 234-nji Pskow polkunyň agzalary hökmünde anyklandy.
Russiýanyň giň gerimli çozuşynyň ilkinji günlerinde Buça rus güýçleriniň Ukrainanyň paýtagty Kiýewi basyp almak ugrundaky tagallalarynda möhüm nokada öwrüldi.
Şäheri basyp almak ugrundaky şowsuz synanyşykdan soň, rus güýçleri 3-nji martda gaýtadan gelip, ikinji hüjüme başladylar we Irpin hem-de Kiýewe alyp barýan strategiki koridory – Ýablunska köçesini tiz wagtda ele saldylar.
Ondan soň bolup geçen zatlar atyşyk däl-de, wagşyçylykdy.
Gaçyp barýan maşgala hüjüm edildi
Buçanyň birnäçe ýaşaýjysy şäherden gaçmaga synanyşdy.
Iwanna Hrabowlýak kakasy Mihaýlo, onuň halaşýan aýaly Ýuliýa we Ýuliýanyň gyzy Saşa bilen awtoulagda barýardy. Olar Ýablunska köçesinden sürüp barýarkalar, olaryň ulaglaryna ot açyldy.
Ulag ýol heläkçiligine uçrady we ondan güýçli tüsse çykyp başlady. Huşuny ýitiren Mihaýlo gaz pedalyny basmagy bes etmedi. Gözegçilik kameralarynyň wideoýazgylarynda Iwannanyň heläkçilikden gaçýandygyny, Saşanyň golundan ýaralanandygyny we onuň arkasyndan ylgap barýandygyny görse bolýar.
“Saşanyň gygyrýandygyny eşitdim” diýip, Iwanna aýdýar. “[Şonda] onuň golunda nädogry bir zadyň bardygyna düşündim. Ol ony ýokary galdyryp bilmeýärdi” diýip, ol sözüne goşdy.
Ahyrsoňy olar ýerzeminde gizlendiler. Saşanyň goluna örän köp zeper ýetendigi sebäpli ony halas edip bolmady. Häzirki wagtda ol goluna protez geýýär.
Iwananyň kakasy, Owganystandaky sowet urşunyň weterany Mihaýlo awtoulagda öldi. “Meniň üçin ol super gahryman ýalydy… [Onuň ölmegi] mümkin däl ýalydy” diýip, Iwanna belleýär.
Rus esgerlerini gözlemek
Azatlyk Radiosy Buçada galan harby ýazgylary we sosial media profillerindäki salgylary ulanyp, bu ýowuzlyga gatnaşan 234-nji Pskow polkunyň birnäçe agzasynyň şahsyýetlerini anyklady.
Olaryň arasynda 25 ýaşly seržant Wladimir Borzunow bar. Azatlyk Radiosy onuň bilen telefon arkaly habarlaşanda, ol bolan ýagdaýlara ökünmeýändigini mälim etdi.
“[Bu barada] alada edýärinmi?” diýip, ol sorady. Soňra-da ol “meni gyzyklandyranok, meniň üçin biparh” diýdi.
Başga bir ofiser, leýtenant Artýom Tareýew bolup, ol gözleg bölümine ýolbaşçylyk etdi we Waleriý Kizilowyň ölüminde güman edilýär. Radio söhbetdeşliginde ýazgy edilen jaň belgilerinde parahat ilatyň öldürilmeginde ýokary derejeli serkerdeleriň hem ilteşiginiň bardygy görkezilýär.
2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna rus goşunlary Buçadan yza çekildi we şondan soňra asuda ilatyň öldürilmeginiň haýran galdyryjy gerimini görkezýän suratlar peýda bolup başlady.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz güýçleriniň gyrgynçylyga gatnaşygyny düýbünden inkär etdi we ýowuzlygyň subutnamalarynyň ýörite sahnalaşdyrylandygyny aýtdy.
Ýöne diri galanlaryň aýdyp berýän maglumatlary we Ýablunska köçesinden alnan we tassyklanan suratlar düýbünden başga bir wakany aýdýar.
Ukrain kazyýetleri rus ofiserlerine gaýybana aýyplama bildirdiler. Şeýle hem Kiýew Halkara Jenaýat Kazyýetinden Buçada parahat ilatyň gynalmagyny we öldürilmegini derňemegi sorady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum