Eýranyň soňky şasynyň ogly: “Yslam respublikasy dargaýar”

Reza Pehlewi (arhiw suraty)

1979-njy ýylda yslam rewolýusiýasynyň dowamynda häkimiýetden çetleşdirilen Eýranyň soňky şasynyň ogly Reza Pehlewi, Ysraýylyň Eýrana garşy harby operasiýasynyň fonunda, ýurduň ilatyna ýüzlenip, Eýran yslam respublikasynyň tiz wagtda dargamagyna umyt bildirdi.

“Yslam respublikasy öz soňuna geldi we dargap başlady” diýip, Eýranyň häzir boş duran tagtynyň mirasdüşeri hökmünde çykyş edýän Pehlewi aýtdy.

Ol häzirki ýokary ruhany lider aýatolla Ali Hameneýi hem agzap: “Hameneýi, gorkudan ýaňa hinine giren syçan ýaly bolup, bunkeriň içinde gizlenip, gözegçiligi elden gidirdi” diýdi. “Başlanan zady indi yzyna gaýtaryp bolmaýar. Geljek ýagty” diýip, şanyň ogly nygtady.

Ol ýurduň ilatyny “režime garşy turmaga we oňa soň bermäge” çagyrdy hem-de halk bilen “ýakyn wagtda bile bolmak” umydyny beýan etdi.

Pehlewi Ysraýyl bilen turan çaknyşygyň jogapkärçiligini Hameneýiň we Eýranyň häkimiýetleriniň üstüne atyp, bolup geçýän ýagdaýlara olaryň sebäp bolandygyny aýtdy.

Reza Pehlewi häzirki wagtda ABŞ-da ýaşaýar. Ol Eýranda gadagan edilen Eýran Milli Geňeşiniň ýolbaşçysy bolup, yslam respublikasynyň häkimiýetlerine garşy oppozisiýanyň ýolbaşçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Onuň häzirki wagtda Eýranda näderejede meşhurdygyny anyk kesgitlemek kyn.