Aşgabatda garaşylan hajylar eglendi, Eýrana gidenler 'gyssagly yzyna dolanýar'

Aşgabat, halkara howa menzili

Goňşy Eýrandaky galagoply ýagdaýlaryň arasynda, Ysraýyl-Eýran konflikti başlanmazyndan has öň Türkmenistandan Saud Arabystanyna giden we haj zyýaratlaryny berjaý edip, 17-nji iýunda yzyna dolanmaly adamlar Aşgabat howa menziline gelmedi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

“Saud Arabystanyna giden zyýaratçylaryň bir bölegi 17-nji iýunda yzlaryna dolanyp gelmelidi, olary garşy almak we ilkinjileriň hatarynda gutlamak isleýän hossarlary, dost-ýarlary Aşgabat howa menziline gelip, garaşyp durdular” diýip, şol pursatda türkmen paýtagtyndaky halkara uçar menziline baran çeşme Azatlyga aýtdy.

Onuň sözlerine görä, howa menziliniň işgärleri hajy bolan garyndaşlaryny garşy almak üçin gelen adamlaryň öýli-öýlerine gaýtmalydyklaryny, hajylaryň gelmeginiň başga güne geçirilendigini aýtdylar, ýöne anyk haýsy güne ýa günlere geçirilendigini anyklaşdyrmadylar.

Hajylaryň haçan geljekdigi anyklaşdyrylmaýar

Habarlardan mälim bolşy ýaly, Ysraýylyň paýtagt Tährandaky we beýleki ýerlerdäki nyşanalara uran howa zarbalary bilen baglylykda, Eýranyň howa giňişligindäki uçar gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler sebit ýurtlarynyň arasyndaky ýolagçy gatnawlaryna öz täsirin ýetirdi.

Degişli maglumat Haj zyýaraty dereje hem hormat üçinmi? Dindarlaryň komiteti "hajy" derejesinden nädogry peýdalanylyşyna alada bildirýär

Şeýle-de, bu günülere gabat türkmen paýtagtyndaky howanyň indi dördünji gün “örän hapalanandygy” aýdylýar.

“...güýçli ýel ýa-da şemal bolmansoň, Aşgabady tusse gaplan ýaly bolup dur, dem alanyňda, bokurdagyňda ýakymsyz howanyň ysy saklanyp galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz bilen gürleşen aşgabatlylar ozalam yssy howada dörän ýakymsyzlygy belli bir derejede goňşy ýurtdaky ýagdaýlar bilen ilteşdirmäge ýykgyn edýärler. Habarçymyz bu çaklamalaryň resmi maglumatlaryň bolmazlygy sebäpli ýüze çykýandygyny belleýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat, adatça bolşy ýaly, ilata goňşy ýurtdaky ýagdaý barada maglumat bermeýär.

Eýrana gidenler gyssagly yzyna dolanýar

Şu aralykda, söwda-satyk işleri ýa syýahatçylyk, saglyk meseleleri bilen Eýrana giden türkmenistanlylar Maşat şäheriniň üsti bilen gyssagly yzlaryna dolanmaga başladylar diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Şeýle-de, Eýranyň Aşgabatdaky konsullygynyň öňünde türkmenistanlylaryň uzyn nobatlary döredi. Azatlyk olaryň birnäçesinden habar aldy. Olar, öz sözlerine görä, goňşy ýurduň giriş wizasyny almak üçin tölän pullaryny yzyna almaga synanyşýarlar.

Degişli maglumat Çeşmeler: Haj zyýaratynda 18 türkmenistanly zyýaratçy wepat boldy

“Wiza üçin tölän pulumy aljak bolup, garaşyp durun” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Konsulhananyň howlusynyň daşynda nobatçylyk çekýän polisiýa işgärleri adamlaryň bu ýerde toplanmagyna garşy, olar üýşmeleňi dargadyp başlamak üçin ýokardan buýruga garaşýar diýip, Azatlygyň çemesi aýtdy.

Ysraýylyň Goranmak güýçleriniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Ysraýylyň harby howa güýçleri Eýranyň demirgazyk-gündogarynda, türkmen serhediniň golaýynda ýerleşýän Maşat şäherine hem howa zarbasyny urdy. Hüjümde şäheriň howa menzilinde duran ýangyç guýujynyň nyşana alnandygy aýdylýar.

Aşgabat ynsanperwerlige ygrarlydygyny nygtaýar

Türkmenistan, 16-njy iýunda beren resmi habaryna görä, Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär.

“Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin, Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär” diýip, daşary işler ministrliginiň beýanatynda türkmen serhedinden häzire çenli 120-den gowrak daşary ýurtlynyň geçirilendigi aýdylýar.

Gelen adamlar awtoulaglar, iýmit, myhmanhanalar we ilkinji nobatdaky zerur serişdeler bilen üpjün edilipdir.

“ ...Türkmenistan ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň wekiliýeti biraz öň “Täze dünýä tertibi: geosyýasy nukdaýnazarlar we ählumumy wehimler” atly halkara maslahata gatnaşdy. 15-nji iýunda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen maslahata Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan ýaly döwletleriň syýasatçylary, bilermenleri we partiýa wekilleri gatnaşdylar diýip, türkmen DIM-i anyklaşdyrman habar berdi.

Türkmenistan uçar gatnawlarynyň çäklendirilen wagtynda daşary ýurtlarda galan we kynçylyk çekýän raýatlary barada hiç zat aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.