Ysraýylyň Harby howa güýçleri Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Meşhed şäherine zarba urdy. Hüjümde şäheriň howa menzilinde duran ýangyç guýujy uçar nyşana alyndy. Bu barada Ysraýylyň Goranmak güýçleriniň metbugat gullugy habar berdi.
Meşhed Ysraýyldan takmynan 2 müň 300 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Metbugat beýanatynda bu hüjümiň “operasiýanyň başlanaly bäri iň uzak aralyga amala aşyrylan zarba” bolandygy nygtalýar. Galyberse-de, bu şäher Türkmenistanyň serhediniň golaýynda, Aşgabatdan 280 km uzaklykda ýerleşýär.
Öten agşamyň dowamynda Eýran Ysraýylyň çäklerine iki tapgyrda takmynan 25 raketa atdy. Olaryň köpüsi urlup ýok edildi. Ýöne raketa galyndylarynyň Ysraýylyň merkezi bölegine gaçmagy netijesinde käbir ýerlerde ýangynlar ýüze çykdy, emma ejir çekenler barada habar berilmedi.
Ysraýylyň harbylary, Tähranyň ýaşaýjylaryna şäheri terk etmek baradaky çagyryşlaryndan soň, Eýranyň dürli künjeklerine, şol sanda paýtagta zarbalary urdy. Hüjümiň dowamynda raketa öndürýän zawod we Eýran yslam rewolýusiýa sakçylary korpusyna degişli Imam Huseýn harby uniwersiteti nyşana alyndy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň hüjümleriniň netijesinde azyndan 128 adamyň heläk bolandygyny, 900-e golaý ýaşaýjynyň ýaralanandygyny aýdýar.